Goşmaça hyzmatlar

Minsk şäheriniň aeroportuna gelen topary uniwersitetiň wekili ýörüte awtobusda garşy alýar.

Kitaphana

Ähli okuw bölümlerinde kitaphanalar kitaphanaarasy müşderi hyzmaty boýunça işleýar. Elektron maglumatlary çeşmeleri zaly we kitaphananyň elektron katalogyna erkin girmäge mümkinçilik — talyplar üçin hyzmat edýär.

Ýaşaýyş

Uniwersitetiň ygtyýarlygynda häzirkizaman otag şekilli ýaşaýyş üçin ähli amatlylyklar göz öňünde tutulan umumyýaşaýyş jaýlarynyň toplumy bar. Umumyýaşaýyş jaýynda her aýratyn bölek iki otagdan, aşhanadan we sanuzelden ybaratdyr. Ähli otaglarda döwrebap mebeller gurnalan we durmuşda gerekli enjamlar bilen üpjin edilendir. Umumy ýaşaýyş jaýlary şäheriň merkezinde talyp şäherçejiginde ýerleşýär. Her umumyýaşaýyş jaýlarynda okalga otaglary, medeni çäreler üçin niýetlenen otaglar bar. Bankomat, kir ýuwujy, infokiosk, trenažor zalynyň we naharhana hyzmatlary elýeterlidir.

Ähli daşary ýurtly talyplara we diňleýjilere umumyýaşaýyş jaýy bilen üpjin edilýär.

Мedissina hyzmaty

Medissina hyzmatlary talyp şäherçejiginiň çäklerinde ýerleşýän uniwersitetiň saglyk nokady tarapyndan we fakultetlerdäki medissinä işgärleri tarapyndan amala aşyrylýar.

Jemgyyetçilik-pedagogikasy we psihologik taýdan kömek

Talyplara içki duýgulary bilen baglanyşykly ýada şahsyýet arasyndaky gatnaşyklaryň çäklerinde meseleler dörän ýagdaýynda hem-de okuw bilen baglanyşykly soraglar ýüze çykan halatynda ýokary derejeli komek berilýär.