Uniwersitetde sport bilen meşgullanmak üçin giň mümkinçilikler bar: sport korpusy, üç sany türgenleşik zaly, stadion we iki sany sport oýunlary üçin niýetlenen emeli örtgüli sport meýdançasy. 2014 ýylda üç sany sport zalyny, suw basseýni, türgenleşik zalyny, lyža meýdançasyny we stadiony özünde jemleýän täze sport toplumy gurlyp ulanmaga berildi.
Mundan başgada köpsanly armrestling, atletiçeskaýa gimnastika, basketbol, woleýbol, gündogar tanslary, girewoý sport, dzýu-do/sambo, ýoga, ýeňil atletika, kiçi-futbol, ugur tapyş sporty, ýüzüş, tennis, stolyň üstünde oýnalýan tennis, syýahatçylyk ýaly. sport bolümçeleri we saglyk toparlary hereket edýär.
Talyp ýaşlaryň ruhy isleglerini kanagatlandyrmaga dürli döredijilik we çeperçilik guramalary ýardam edýär. Uniwersitetiň ýörelgeleri kämilleşýär, geçirilýän çäreler we bäsleşikler uniwersitetiň bitewilik ruhyny galkyndyrýar.
Daşary ýurtly talyplara Belarus döwletiniň ajaýyp gözellikleri bilen tanyşmaga giňden mümkinçilik döredilýär.