SALAMLAŞYK SÖZI

Ýokary okuw jaýy “Baranowiçiň döwlet uniwersiteti” — 2004 nji ýylda düýbi tutulan, joşgunly depginde ösýan köpugurly klassiki uniwersitet bolup durýar.

Bu uniwersitetde her ýyl 7 000 töweregi talyplar, diňleyjiler, aspiranturanyň we magistraturanyň talyplary bilim ulgamynyň ykdysadyýet, hukuk, maşyngurluşyk, habar beriş-maglumat tehnologiýalary, oba hojalygy ugurlary boýunça gelejegi uly hünärleri ele alýarlar.

Uniwersitetin gurluşy 5 fakultetden (inženerçilik, pedagogika we psihologiýa, ykdysadyýet we hukuk, slawýan we german dilleri, ýokary okuw jaýyna taýýarlaýyş), aralykdan okadyş bölüminden, hünär derejesini ýokarlandyryş we gaýtadan taýýarlaýyş institutyndan, özbaşdak düzümli “Lýahowiçiň döwlet agrar kolledji” bölüminden, magistraturadan we aspiranturadan ybaratdyr.

Baranowiçiniň döwlet uniwersiteti Belarus döwletiniň bilim syýasatyny amala aşyrmak bilen, Ýewropanyň iň gowy uniwersitetleriniň derejesine ýetmeklige çalyşýar we Belarus döwletiniň hem-de daşary ýurtlaryň öňdebaryjy ýokary okuw jaýlary bilen işjeň aragatnaşyk saklaýar.

Uniwersitet ylmy gurama adyna ynanç bildirilendir we oýlap tapyjylyk hem-de peýdaly gurluşlaryň tassyknamalaryna eýe bolup durýar. Her çärýek dissertassiýalaşdyrylan ylmy işleriň netijelerini çap etmek üçin “BarDU Habarlary” syn ýazylan ylmy jurnaly neşir edilýar.

Uniwersitetde talyplarda ylmy iş başarjaňlyklary döretmek, höweslendirmek hem-de zehinli ýaşlara ylmy we innowassionnyý işlerde goltgy bermek üçin ähli amatly şertler döredilendir.

Sizi hormatly myhmanymyz, talyplarymyz we işdeşlerimiz, hökmünde görmäge çagyrýarys!

 

 

Rektor
Aleksandr Nikolaýewiç Unsowiç,
Pedagogika ylymlarynyň kandidaty, dosent