Peýdaly maslahat

Resminamalaryň kabul edilişi

Daşary ýurt raýatlaryny okuwa kabul etmek 15 oktyabra çenli amala aşyrylýar.

Okuwa çakylyk hatyny almak üçin gerek resminamalaryň sanawy :

  • Anketa-arza rus dilinde (anketanyň görnüşi uniwersitetiň resmi saýdynda – www.barsu.by görkezilendir );
  • Alnan bahalary we öwrenilen dersleri görkezmek bilen bilim hakyndaky şahadatnamanyň notarius tarapyndan tassyklanan nusgasy (rus dilinde);
  • Pasportyň ähli doldurylan sahypalarynyň nusgasy.

Görkezilen resminamalar uniwersitetiň poçta salgysyna faksyň üsti bilen ýada elektron poçta arkaly ugradylýar.

Kabul ediş synaglary

Baranowiçiň döwlet uniwersitetiniň taýýarlaýyş fakultetini gutaranlygyna şaýatlyk edýan, Belarus döwletiniň beýleki ýokary okuw jaýlarynyň taýýarlaýyş bölümini, kursuny, tamamlandygyna şaýatlyk edýän shahadatnamasy bolmadyk ýada taýýarlaýyş okuwyny saýlan ugry boýunça tamamlamadyk daşary ýurt raýatlary uniwersitete gelmegi bilen hökmany ýagdaýda rus dili we saýlan ugruna degişli belli bir dersler boyunça söhbetdeşlikden geçmelidir.

Eger okuwa dalaşgär görkezilen dersler boýunça mekdepde ýada taýýarlaýyş fakultetinde gutardyş synaglaryny tabşyrmadyk bolsa, saýlan hünärine kabul edilmez.

Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen daşary ýurtly okuwa dalaşgär bilen okuw şertnamasy baglaşylýar we ilkinji okuw tölegi geçilýär. Okuw tölegi geçenden soňra talyp öz saýlan fakultetiniň dekanadyndan okuw dersleriniň gün tertibini alýar.

Goşmaça çykdaýjylar

Belarus döwletinde bilim almaga meýil edýän talyp hokmany ýagdaýda gelejekki çykdaýjylary göz öňünde tutmalydyr:

  • Okuw üçin tölegler — 2 200 dollar (ABŞ);
  • Hökmany 1 ýyllyk medissina ätiýaçlandyrmasy — 170 ýewro;
  • Şäher migrasiýa gullugynda hasaba alyş — 50 dollar (ABŞ);
  • Umumyýaşaýyş jaýyna töleg — aýda takmynan 50 dollar (ABŞ);
  • Wiza — 15−30 dollar (ABŞ);
  • Iýmit ( iň azyndan alanyňda 1 hepdelik iymit üçin çykýan baha — takmynan 40 dollar (ABŞ);
  • Jemgyýet çilik ulaglaryna çykýan çykdaýjy — aýda 17 dollar (ABŞ).